Sakarçäge – 2024-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby boldy we 1 million dollar aldy

  • 08.02.2025 00:28
  • 9.3k+

Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen, ygaln edilen bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

7-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa hasabat bilen çykyş etdi we ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini habar berdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakyndaky buýruklara gol çekdi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......