Hytaýlylar haýsy ulaglara münýärler: 2024-nji ýylda iň köp satylan 10 model

  • 06.02.2025 23:51
  • 11k+

Geçen ýylda Hytaýyň awtoulag bazary 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3,8% ösüş gazandy. Ýylyň dowamynda bu ýurtda jemi 23,26 million täze awtoulag satyldy, olaryň üçden biri bolsa elektrikli ulaglardan ybarat boldy. Bu barada focus2move.com habar berýär.

Bazaryň öňdebaryjy brendi BYD bolup, ol 3,57 million awtoulag satdy. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 38,6% köpdür.
Ikinji orny Volkswagen eýeledi, emma onuň satuwy 7% azaldy we 2,08 million ulaga deň boldy. Toyota-nyň satuwy bolsa 8,4% peselip, 1,59 million ulaga çenli azaldy.

2024-nji ýylda Hytaýda iň köp satylan awtoulag modelleri:

  1. BYD Song – 574,3 müň satuw (+45,3%)
  2. Tesla Model Y – 480,3 müň satuw (+5,2%)
  3. BYD Qin Plus – 480 müň satuw (+10,6%)
  4. BYD Seagull – 453,6 müň satuw (+89,6%)
  5. Nissan Sylphy – 342,4 müň satuw (-9,5%)
  6. Volkswagen Lavida – 322,9 müň satuw (-6,6%)
  7. Toyota Corolla – 282,4 müň satuw (-13,5%)
  8. BYD Yuan Plus – 275,2 müň satuw (-11,2%)
  9. Wuling Hongguang Mini EV – 261,1 müň satuw (+9,8%)
  10. Volkswagen Passat – 254,1 müň satuw (+25,4%)

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......