Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar

  • 06.02.2025 11:03
  • 5.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Adalat ministrligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň adalat edaralarynyň edara binasynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binasynyň taslamalaryny düzmäge hem-de olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, şeýle hem edara binalary üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmaga we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirer.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlamak hem-de edara binalaryny 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....