Kim köp gepleýär? Erkeklermi ýa zenanlar: köp ýyllyk gözlegleriň netijeleri

  • 06.02.2025 10:13
  • 8.7k+

Birnäçe ýyl bäri zenanlaryň erkeklere garanyňda has köp gepleýändigi barada düşünjeler bardy. Emma «Journal of Personality and Social Psychology» žurnalynda çap edilen täze gözleg, bu düşünjäniň diňe belli bir derejede dogrudygyny görkezdi: zenanlar hakykatdanam has köp gepleýär, ýöne diňe 25 bilen 64 ýaş aralygynda.

Alymlar ABŞ-dan, Şweýsariýadan, Serbiýadan we Awstraliýadan 2197 sany adamyň 630 müňden gowrak söhbetdeşlik ýazgylaryny seljerip gördüler. Bu maglumatlar 14 ýyllyk döwürde, tebigy gepleşikleriň ýazgysyny alýan ýörite enjam arkaly ýygnaldy.
Netijeler, zenanlaryň erkeklerden günde ortaça 1073 söz köp aýdýandygyny görkezdi. Emma bu tapawut adamlaryň ýaşyna baglylykda üýtgeýär.
Ýetginjekleriň arasynda bolsa, gyzlaryň günde oglanlara garanyňda 513 söz köpräk gepleýändigi anyklansa, 18-24 ýaş aralygyndaky ýaşlarda bu tapawut 841 söze ýetdi.
Emma iň uly tapawut 25-64 ýaş aralygyndaky toparda ýüze çykdy: bu ýaşdaky zenanlar erkeklerden günde ortaça 3275 söz köpräk gepleýärdi. Diňe şu ýaş toparyndaky tapawut statistiki taýdan düýpli derejede hasaba alyndy.
Gözlegi geçirýänler bu ýagdaýy zenanlaryň jemgyýetdäki sosial wezipeleri bilen baglanyşdyrýarlar. Kämillik ýaşyna ýeten zenanlar köplenç çagalar we garyndaşlar bilen aragatnaşyk saklamaly bolýarlar, bu hem olaryň has köp söz aýtmagyna sebäp bolýar. Emma 65 ýaşdan soň bu ýagdaý üýtgeýär we erkekler günde ortaça 788 söz köpräk gepläp başlaýarlar.
Şeýle-de, gözlegler adamlaryň soňky ýyllarda has az gepleýändigini ýüze çykardy. Eger 2007-nji ýylda bir adam ortaça günde 16 müň söz aýdýan bolsa, 2019-njy ýylda bu san 13 müňe çenli azaldy. Alymlar muny aragatnaşyk endikleriniň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar – adamlar indi gepleşikleriň deregine çat we messenjerler arkaly habarlaşmagy has makul görýärler.


düýn 17:05
4.8k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......