«Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligi ýokarlandyrylar

  • 05.02.2025 17:20
  • 14k+

4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň jemleri boýunça boýunça taraplar «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek soraglary we meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekilleriň bellenilmegi ylalaşdylar.
Şeýle hem gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi barada ylalaşyldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......