Russiýaly alymlar suwy arassalamakdaky galyndylardan kerpiç öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar

  • 02.02.2025 21:33
  • 9.2k+

Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň (PMGPU) alymlary hapa suwlar arassalanandan soň galýan galyndylary peýdaly maksatlar üçin ulanmaga mümkinçilik berýän täze usuly işläp düzdüler. Bu usul diňe bir galyndylary gaýtadan ulanmagy däl, eýsem daşky gurşawy goramagy hem maksat edinýär diýip, TASS habarlar agentligi habar berýär.

Täze usulda suw arassalanyp durlan wagty emele gelýän çökündi kerpiç öndürmek üçin goşundy hökmünde ulanylýar. Munuň netijesinde galyndylar peýdaly gurluşyk materialyna öwrülýär.
Keramiki garyndynyň düzümine, suw arassalanandan soň galýan çökündiniň 20%-e çenli bölegi goşulýar. Bu bolsa materialyň maýyşgaklyk derejesini artdyryp, kerpiçleriň ýasalmagyny ýeňilleşdirýär.
Kerpiçler 1050°C derejede bişirilýär. Materiala 14,2–15% galyndy goşulsa, ol zerur dykyzlyga we suw geçirmezlik häsiýetine eýe bolýar.
PMGPU-nyň gurluşyk fakultetiniň dekany Witaliý Şamanowyň aýtmagyna görä, bu täze usul gurluşyk pudagynda galyndylary peýdaly ulanmak üçin täze mümkinçilikleriň öňüni açýar. Mundan başga-da, bu tehnologiýa ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan peýdaly.
Täze usulyň artykmaçlyklary:

  • Materialyň häsiýetleri gowulanýar. Çökündiniň goşulmagy materialy has ýumşak we işlenilmesi aňsat edýär;
  • Önümçilik çykdajylary azalýar. Galyndylaryň ulanylmagy adaty çig mallaryň sarp edilişini peseldýär;
  • Ekologiýa üçin peýdaly. Bu usul zyňyndylaryň möçberini azaldyp, daşky gurşawy goramaga kömek edýär.

Alymlar bu taslamany has-da kämilleşdirmek we has giň gerimde ulanmak üçin işlerini dowam etdirýärler. Geljekde şeýle kerpiçler, esasan-da, galyndylary ulanmak meselesi bar bolan sebitlerde giňden ulanylyp bilner.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....