Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary bilen duşuşdy

  • 01.02.2025 12:55
  • 10k+

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Hanbeg atly bedewe atlanyp, sirkiň manežinde öwrüm etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde meşhurlyk gazanyp, türkmen tugunyň belende galmagyna, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ajaýyp ýeňşiň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyryljakdygyny belläp, toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.
Dünýäde uly abraýa mynasyp bolan toparyň agzalary ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, ýurdumyzda atçylyk sportunyň we sirk sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin alkyş aýtdylar. Şeýle-de olar milli atçylyk sportunyň has belent derejelere göterilmegi babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......