Türkmenistanyň DIM-nde CAREC-niň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

  • 31.01.2025 23:52
  • 2.6k+

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmekdäki tagallalary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly Çarçuwaly Konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi nygtaldy.
Şeýle hem taraplar CAREC-iň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen ähmiýetli işini bellediler diýip, Türkmensitanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....