Iň gadymy operasiýa 6 müň ýyl ozal bir aýalyň gulagyny bejermek üçin edilipdir

  • 31.01.2025 16:51
  • 10k+

El-Pendonda (Ispaniýada) geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça Scientific Reports žurnalynda çap edilen materialda gadymy lukmançylyk bilen baglanyşykly haýran galdyryjy hakykatlar ýüze çykaryldy. B.e. öňki IV müňýyllyga degişli bolan bu ýerde alymlar depesinde trepanasiýanyň alamatlary bolan kelle süňküni tapdylar. Bu häzirki wagta çenli ylma mälim bolan iň gadymy hirurgiki bejergi bolup durýar.

Geçirilen barlaglar operasiýanyň orta gulak çişini bejermek üçin edilendigini görkezýär. Eger operasiýa geçirilmedik bolsady, çiş bejergisiz galyp, meningit keseline ýa-da ölüm howpuna sebäp bolup biljekdi.
Kelle süňküniň aýala degişlidigi anyklanyldy. Ol birnäçe aý ýa-da ýyl aralyk bilen iki gezek operasiýany başdan geçiripdir. Ilkinji operasiýa kesel ýerini arassalamak, suwy çykarmak we çişen süňk bölegini aýyrmak üçin geçirilipdir. Lukman gulagyň içinde ýerleşýän süňk bölegini gulak boşlugy bilen birleşdiripdir. Kelle süňkünde galan yzlara görä, ikinji operasiýa birneme soňrak geçirilipdir, şeýle-de onuň yzlary has aýdyň görünýär. Bu ýerden geň galdyrýan zat, ilkinji operasiýadan soň süňk dokumasynyň ösmegi üçin ýeterlik wagt bolupdyr.
Bu operasiýa metal gurallaryň entek oýlanyp tapylmadyk döwründe geçirilipdir. Hirurg kesiş işleri üçin ol ýerden tapylan, çakmak daşyndan ýasalan gurallary ulanypdyr. Bu operasiýa tegelek görnüşli deşiji usul bilen amala aşyrylypdyr we örän agyryly bolupdyr. Şonuň üçin «hirurglaryň» näsagy saklamak üçin güýç ulanandygy ýa-da näsaga psihotrop serişdeleri berendikleri çaklanylýar.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......