В Ашхабаде обсудили проект «Единое здоровье» в области профилактики пандемий

  • 31.01.2025 12:34
  • 2.5k+

28-nji ýanwarda Aşgabatda «Bitewi saglyk» taslamasy boýunça ýyllyk Milli utgaşdyryjy maslahat geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleri pandemiýalaryň öňüni almak, olara taýynlygy üpjün etmek we jogap çärelerini işläp düzmek boýunça bu başlangyjy bilelikde durmuşa geçirýärler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Taslama BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä Banky we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny öz içine alýan dörttaraplaýyn bileleşik tarapyndan goldanýar.
Taslamanyň esasy maksady pandemiýalara garşy göreşmek üçin weterinar, lukmançylyk we ekologiýa ulgamlaryny güýçlendirmekden ybarat. Bu başlangyç geljekde ýüze çykyp biljek saglyk, ykdysady we ekologiýa howplarynyň täsirini azaltmaga hem ýardam edýär.
Maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de beýleki gyzyklanýan taraplaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar gazanylan ösüşi seljerip, indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar we guramalaryň arasyndaky utgaşyklygy gowulandyrmak üçin tejribelerini paýlaşdylar.


09.06.2026 23:14
7.1k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.2k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....

05.06.2026 15:54
4.1k+

Китай первым в мире одобрил коммерческое применение инвазивного мозгового импланта

Китай стал первой страной в мире, одобрившей коммерческое применение инвазивного интерфейса «мозг–компьютер» (Brain-Computer Interface, BCI)....