Ženewada ählumumy parahatçylygy berkitmekde Türkmenistanyň orny maslahatlaşyldy

  • 31.01.2025 12:29
  • 2.4k+

28-nji ýanwarda BMG-niň Ženewadaky bölüminiň binasynda diplomatlaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Çäräde Türkmenistana BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew wekilçilik etdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Duşuşyk BMG-niň edarasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Tatýana Walowa tarapyndan gurnaldy. Onda parahatçylyk, ynanyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tatýana Walowa öz çykyşynda döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek üçin dialogyň we bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny nygtady. BMG-niň ýanyndaky Parahatçylyk uniwersitetiniň (UPEACE) hemişelik synçysy Dewid Fernandez Puýana hem çykyş edip, häzirki döwrüň çylşyrymly şertlerinde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dialogyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol bu ugurda Türkmenistanyň goşandyny aýratyn belledi. Puýana, şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilendigini ýatladyp, bu başlangyjyň bütin dünýä üçin ähmiýetlidigini nygtady.
Wepa Hajiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary barada aýdyp, ýurduň 2025-nji ýylda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny bellejekdigini belledi. Ol bu derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden kararlary bilen birnäçe gezek tassyklanandygyny nygtady.
Ženewadaky duşuşyk döwletler bilen halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Gatnaşan wekiller parahatçylygy we durnuklylygy goldamak ugrunda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek baradaky ygrarlylygyny tassykladylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......