Nýu-Ýorkda Magtymguly Pyragy hakynda türkmen-özbek filmi görkezildi

  • 30.01.2025 15:56
  • 6.1k+

ABŞ-da «Magtymguly Pyragy» türkmen-özbek filminiň ýörite görkezilişi boldy. Film Nýu-Ýork şäherindäki Türk öýünde görkezildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň goldamagynda düşürilen bu film Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» IV halkara kinofestiwalynyň baş baýragyna mynasyp bolupdy. Ol türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň hatyrasyna we türki dünýäsiniň möhüm medeni gymmatlygyna bagyşlanýar.
Görkezilişde filmiň režissýory Muzaffarhon Erkinow türkmen kinematografiýaçylary bilen bilelikde alnyp barlan işler baradaky täsirlerini paýlaşdy.

"Biziň filmimiz iki halkyň jebisligini, mundan başga-da, bütin türki dünýäsiniň agzybirligini görkezýär. Biz bu taslamany Türkmenistanda we Özbegistanda düşürdik, filmi ýazgy edýän 50-den gowrak meýdançalary döretdik hem-de uly möçberli işleri alyp bardyk. Bizi dilimiz, dinimiz we medeniýetimiz birleşdirýär, şoňa görä-de, şeýle jebisligi kino sungatynyň üsti bilen görkezmek biziň üçin uly hormat boldy".

Baş keşbi ýerine ýetiriji, ýaş aktýor Ahmet Amandurdyýew uly ekranda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrmagyň özi üçin belent hormat bolandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi.
TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda bu filmiň Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky diňe bir medeni aragatnaşyklary berkidýän uly alamat bolman, eýsem, türki dünýäsiniň jebisliginiň hem nyşanydygyny belledi.
«Magtymguly Pyragy» filmine bagyşlanan maksatnamanyň çäklerinde BMG-niň ýanyndaky birnäçe ýurtlaryň hemişelik wekilleriniň, artistleriň, hökümete degişli däl guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda giň gerimli çäreler geçirildi.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 09:33
7.6k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....