Türkmenistanda «Göreldeli gümrük işgäri» we «Ýylyň gümrük nokady» bäsleşikleriniň jemleri jemlendi

  • 30.01.2025 13:44
  • 7.7k+

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen «Göreldeli gümrük işgäri» we «Ýylyň gümrük nokady»  bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi.

Gullugyň hukuk tertibini, kanunçylyk binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge  goşan şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary görkezijileri, harby gullukçylary hünär taýdan kämil derejede taýýarlamakda görkezen aýratyn netijeleri boýunça Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylary «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda harby tertip-düzgüni berjaý edip, gümrük nokadynyň talaba laýyk saklanylyp, daş-töwereginiň abadançylygyny üpjün etmekde şeýle-de 2024-nji ýylyň dowamynda aýratyn ýokary görkezijileri we gulluk işleri nazara alnyp, Gullugyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi. Gümrük nokadynyň müdirine degişli şahadatnama gowşuryldy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......