Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady

  • 27.01.2025 12:25
  • 5.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan hem-de kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Şu ýyl Hindistan Respublika gününi 76-njy gezek belläp geçdi. Baýramçylyk Hindistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we ýurduň döwlet dolandyryşynyň respublika görnüşine geçmeginiň şanyna bellenilip geçilýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......