Türkmenistan Hindistan bilen konsullyk hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy

  • 26.01.2025 18:12
  • 2.4k+

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek baradaky tekliplere garaldy.
Iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmеgiň ähmiýetini bellediler.
Şertnama-hukuk binýadyny kämileşdirmek we rejelemek boýunça işleri işjeňleşdirmeklige aýratyn üns berildi
Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynda habar berdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......