Serdar Berdimuhamedow dokma senagatynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek teklibini makullady

  • 25.01.2025 22:08
  • 3.7k+

Wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde dokma senagaty kärhanalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň onlarçasy hereket edip, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak babatda zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dokma senagatynyň hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen taýýarlanylýan teklibi makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 19:38
104

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
128

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......