3,5 million ýyl ozal ýaşap geçen adamlaryň esasan ösümlikler bilen iýmitlenendigi ýüze çykaryldy

  • 24.01.2025 12:25
  • 4.2k+

Maks Plank Jemgyýetiniň himiýa instituty bilen Witwatersrand uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary Günorta Afrikada 3,5 million ýyl ozal ýaşap geçen awstralopitekleriň et bilen gaty seýrek iýmitlenendigini, gündelik iýmit rasionlarynda esasan ösümliklerden düzülen iýmitleriň agdyklyk edendigini görkezýär. Bu barlagyň netijeleri, Science žurnalynda çap edildi.

Günorta Afrikanyň Sterkfonteýn gowagynda tapylan ýedi sany gadymy adamlaryň galyndylaryndan alnan diş emalynyň analizi, olaryň esasan ösümlikler bilen iýmitlenendigini subut edýär.
Barlag geçirmek üçin alymlar süýdemdirijileriň bedenindäki iň berk dokuma bolan diş emalynda saklanyp galan azot izotoplaryny analiz etdiler.
Şol döwürdäki beýleki jandarlar bilen deňeşdirilende, awstralopitekleriň diş emalyndaky azot izotoplarynyň gatnaşygy ot iýýänleriňkä gabat gelýär we et iýýänleriňkiden aýdyň tapawutlanýar. Alymlar, awstralopitekleriň käwagt haýwan beloklary bilen, meselem, ýumurtga ýa-da termit bilen iýmitlenendigini inkär etmeseler-de, täze maglumatlar olaryň yzygiderli aw eti iýmändiklerini görkezýär.
Bu açyş et iýmegiň adam beýnisiniň ösüşinde möhüm rol oýnandygy baradaky gipotezany şübhe astyna alýar. Alymlar gadymy adamlaryň iýmit rasionyna etiň haçan goşulandygyny has takyk anyklamak üçin, beýleki sebitlerden tapylan galyndylary hem analiz etmegi meýilleşdirýärler.


düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......