Eýranyň gümrük edarasynyň wekilleri Aşgabada iş saparynda boldular

  • 24.01.2025 11:39
  • 2.7k+

21-22-nji ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýeti Aşgabada iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär. 

Wekiliýetiň iş sapary ikitaraplaýyn iş duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda iki ýurduň gümrük gulluklarynyň 2024-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri, Howdan-Bajgyran, Artyk-Lotfabad we Sarahs-Sarahs gümrük nokatlarynda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň möçberini artmagynyň mümkinçilikleri, gümrük gözegçiliginiň netijeliligi hem-de harytlar babatynda gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar, Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýüze çykarylan kada bozulmalary barada maglumat alyşmak we iki tarapdaky daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin gümrük kadalary barada okuw çärelerini geçirmek barada karar edildi.
Duşuşykdan soň myhmanlar Gümrük gullugynyň muzeý otagyna baryp, ýurdumyzda gümrük gullugynyň emele gelişiniň taryhy we onuň häzirki wagtda alyp barýan işi bilen tanyşdylar, soňra wekiliýet Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezine baryp gördi.
Eýranly gümrükçileriň Aşgabada iş sapary Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine we Halkara gümrük terminalyna baryp görmek bilen tamamlandy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......