ABŞ-da dünýäniň iň uly buz labirinti guruldy

  • 24.01.2025 11:00
  • 7.8k+

ABŞ-da dünýäniň iň uly buz labirinti guruldy diýip, UPI ýazýar.

Minnesota ştatynda täze dünýä rekordy goýuldy – 5500 inedördül metr meýdany bolan buzdan labirint guruldy. Ol resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň uly buz labirinti hökmünde hasaba alyndy. Desganyň diwarlarynyň beýikligi 2,5 metre ýetip, onuň içinde myhmanlary ýalňyşdyrmak üçin köp sanly çykmaz ýollar we burçlar bar.
Labirintiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda futbol meýdanynyň üstünde başlanyp, bir aýyň içinde tamamlandy. Otlary goramak maksady bilen, meýdanyň daş-töweregine çäge we faneradan örtük ýerleşdirilipdir. Desganyň gurluşygy üçin, hersiniň agramy 200 kilograma ýakyn 3452 sany buz bölegi ulanylypdyr.
Buz labirinti, howa şertlerine baglylykda, 16-njy fewrala çenli ilatyň we syýahatçylaryň ajaýyp buz sungatyndan lezzet almagy üçin açyk bolar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......