Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2024-nji ýyldaky işleriniň jemleri jemlenildi

  • 23.01.2025 12:48
  • 13k+

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barlan işler, Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmekleri, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda döredilýän şertler barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle-de geçen ýylda we 2025-nji ýylyň başynda Diýarymyzyň welaýatlarynda ulanmaga berlen döwrebap ugurdaş desgalar barada maglumat berildi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda geçirilen işler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklarydyr borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek babatda ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, onuň işini ösdürmegiň maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.


düýn 21:48
649

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň 5-nji mejlisi geçirildi

31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga hökümet agzalary, ministrlikleriň we......

düýn 19:38
3.2k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

düýn 18:43
2.3k+

Astanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

Astanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Çäre Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Kanat Bozumbaýewiň başlyklyk etmeginde geçdi diýip, Gazagystanyň......

düýn 08:02
3k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary: ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat......