Alymlar adamzadyň ýowuz howa şertlerine haçan uýgunlaşandygyny anykladylar

  • 22.01.2025 12:49
  • 8.7k+

Kanada, Ispaniýa, Tanzaniýa we beýleki ýurtlardan halkara antropologlar topary Homo erektusyň (dik ýöreýän adamyň) çöl howa şertlerinde ýaşamak ukybyny haçan öwrenendigini ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri Communications Earth & Environment ylmy žurnalynda çap edildi.

Homo erectus häzirki zaman adamlaryň iň gadymy göni ata-babalarynyň biri hasaplanýar. Homo erectus, takmynan, 2 million ýyl ozal Gündogar Afrikada peýda bolupdyr we dürli çaklamalara görä mundan 400 müň – 100 müň ýyl ozal nesli tükenip ýok bolupdyr.
Täze geçirilen barlagda topar Tanzaniýanyň Engaji Nanýori sebitiniň çäklerinde irki gominidleriň ýaşan ýerlerindäki arheologiki, geologiki we paleoklimatiki maglumatlary topladylar. 1,2 million – 1 million ýyl ozal bu sebitde özboluşly ösümlik örtügi bolan ýarym çöl şertleri höküm sürüpdir.
Netijeler, Homo erectus toparlarynyň bu ýerde ýaşandygyny, gurak howa şertlerine kem-kemden uýgunlaşandygyny, süýji suw çeşmelerine gaýdyp gelendiklerini we et böleklerini has netijeli kesmek üçin kesgir daş gurallaryny ýasandyklaryny görkezýär.
Alymlaryň pikirine görä, bu açyş öňki çaklamalary ret edýär. Mundan ozal diňe Homo sapiensler (akylly adam) ýowuz howa şertlerinde ýaşap bilipdir diýlip çaklanylýardy. Emma täze maglumatlar, Homo erectus görnüşiniň hem ýowuz şertlerde ýaşamagy başarandygyny görkezýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....