Microsoft emeli aňlary ulanmagyň töwekgelçilikleri boýunça barlag geçirdi

  • 22.01.2025 12:25
  • 1.7k+

Microsoft korporasiýasynyň hünärmenleri emeli aňyň ulanylyşy bilen bagly töwekgelçilikleri öwrenmek boýunça barlag geçirdiler. Barlagyň netijeleri arXiv preprint serwerinde paýlaşyldy.

Alymlar ýüzden gowrak emeli aň gurallaryny seljerip, emeli aňyň “hiç wagt hem doly derejede howpsuz bolmajakdygy” hakynda netijä geldiler. Uly dil modelleri (LLM) bar bolan howplary güýçlendirip, täze howplary döredip biler. Mysal üçin, modele ýalňyş ýa-da gizlin maglumatlar öwredilse, ol şol maglumatlary ulanyjylara ýaýradyp biler.
Hünärmenler töwekgelçilikleri azaltmak üçin, maglumaty uly dil modellerine öwretmegiň her bir tapgyryny gözegçilikde saklamagy maslahat berýärler. Olaryň pikirine görä, adam faktory emeli aňyň howpsuzlygyny üpjün etmekde hemişe esasy orny eýeleýär.
Şeýle-de hünärmenler, emeli aň bilen işlemek üçin tematiki tejribäni, medeni aýratynlyklara düşünmegi we emosional aň paýyny zerur diýip hasap edýärler.


düýn 14:48
2.4k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.4k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......

13.05.2026 15:09
4.3k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.7k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....