«Galkynyş» topary Monte-Karlo halkara sirk festiwalynyň altyn baýragyny aldy

  • 22.01.2025 03:10
  • 8.8k+

Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri bilen duşuşdy we olary gazanan uly üstünlikleri – Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolmaklary bilen gutlady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe boldy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......