Microsoft korporasiýasy Windows Insider programmasyndakylar üçin täze emeli aň (AI) esasly faýl gözleg funksiýasyny synagdan geçirýär. Bu funksiýa semantik seljermeden peýdalanyp, näbelli soraglar esasynda-da gerek bolan faýllary tapmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.
Täze gözleg funksiýasy meseleler paneline, “Проводник” programmasyna we Windows-yň sazlamalaryndaky gözleg setirlerine goşuldy. Funksiýanyň işlemegi üçin Internet gerek däl, sebäbi ol Copilot Plus enjamyndaky NPU çipleri esasynda işleýär. Häzirlikçe diňe JPEG, PNG şekiller, PDF resminamalar, TXT faýllar we XLS tablisalar üçin ulanylyp bilner.
Gözleg, ulanyjynyň diňe indeksirlemäge rugsat beren faýllarynda işleýär. Bu sazlamany “Gizlinlik we howpsuzlyk” bölümi arkaly düzmek mümkin. Islendik faýly gözläp tapmak üçin “Giňişleýin” režimi hem açyp bolýar. Geljekde bu funksiýa OneDrive bulut hyzmatynda hem işläp başlar.
Bu funksiýa ilki bilen diňe Snapdragon çipli enjamlarda elýeterli bolar. Soňra Intel we AMD prosessorly kompýuterlere-de giriziler. Synag üçin iňlis, hytaý, fransuz, nemes, ýapon we ispan dilleri elýeterlidir.
Mundan başga-da, Windows 11-de “Click to Do” atly täze funksiýa işe girizildi. Funksiýa Windows düwmesini basyp saklamak we syçanyň çep düwmesi bilen teksti bellemek arkaly ulanylýar. Bu funksiýa teksti “Täzeden ýazmak” (Rewrite) we grammatiki ýalňyşlyklary düzetmek üçin “Takyklaşdyrmak” (Refine) ýaly hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.