Microsoft "Windows 11-de" faýllar boýunça emeli aňly gözleg funksiýasyny synag edýär

  • 20.01.2025 18:09
  • 1.3k+

Microsoft korporasiýasy Windows Insider programmasyndakylar üçin täze emeli aň (AI) esasly faýl gözleg funksiýasyny synagdan geçirýär. Bu funksiýa semantik seljermeden peýdalanyp, näbelli soraglar esasynda-da gerek bolan faýllary tapmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Täze gözleg funksiýasy meseleler paneline, “Проводник” programmasyna we Windows-yň sazlamalaryndaky gözleg setirlerine goşuldy. Funksiýanyň işlemegi üçin Internet gerek däl, sebäbi ol Copilot Plus enjamyndaky NPU çipleri esasynda işleýär. Häzirlikçe diňe JPEG, PNG şekiller, PDF resminamalar, TXT faýllar we XLS tablisalar üçin ulanylyp bilner.
Gözleg, ulanyjynyň diňe indeksirlemäge rugsat beren faýllarynda işleýär. Bu sazlamany “Gizlinlik we howpsuzlyk” bölümi arkaly düzmek mümkin. Islendik faýly gözläp tapmak üçin “Giňişleýin” režimi hem açyp bolýar. Geljekde bu funksiýa OneDrive bulut hyzmatynda hem işläp başlar.
Bu funksiýa ilki bilen diňe Snapdragon çipli enjamlarda elýeterli bolar. Soňra Intel we AMD prosessorly kompýuterlere-de giriziler. Synag üçin iňlis, hytaý, fransuz, nemes, ýapon we ispan dilleri elýeterlidir.
Mundan başga-da, Windows 11-de “Click to Do” atly täze funksiýa işe girizildi. Funksiýa Windows düwmesini basyp saklamak we syçanyň çep düwmesi bilen teksti bellemek arkaly ulanylýar. Bu funksiýa teksti “Täzeden ýazmak” (Rewrite) we grammatiki ýalňyşlyklary düzetmek üçin “Takyklaşdyrmak” (Refine) ýaly hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.


11.06.2026 23:59
6.5k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....