Los-Anjelesde ýangyndan ejir çekenlere Di Kaprio 1 mln dollar, Jennifer Lopes eşiklerini berdi

  • 18.01.2025 12:52
  • 20k+

Los-Anjelesde dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli, 200 müň adam öýlerini ýitirip, mejbury göçürildi. Bu pajygaly ýagdaýda meşhur aktýorlar, aýdymçylar we kompaniýalar ejir çekenlere goldaw bermek üçin uly möçberde maliýe kömegini we beýleki zerur serişdeleri berýärler diýip, Forbes neşiri habar berýär.

Leonardo Di Kaprio weýrançylykly tokaý ýangynlary bilen baglanyşykly zyýany azaltmak we kömek bermek maksady bilen 1 million dollar kömek berdi. Şeýle-de, meşhur “Metallica” metal-grupbasy 500 müň dollary, aýdymçy Jennifer Lopez bolsa özüniň şahsy eşiklerini, aýakgaplaryny we gözellik serişdelerini ejir çekenlere gowşurdy.
Mundan başga-da, iri amerikan kompaniýalary hem goldaw çärelerine işjeň gatnaşdylar. Google we YouTube bilelikde 15 million dollar, Amazon 10 million dollar, Netflix 10 million dollar, Meta (Mark Zukerberg we Prisçilla Çan) 4 million dollar, Paramount 1 million dollar, Comcast NBCUniversal 10 million dollar, Walmart 2,5 million dollar, Target 1 million dollar we Kroger 1 million dollar bagyş edip, ýangynlardan ejir çekenlere goldaw berdiler.


düýn 18:53
6.8k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.2k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......