Windows 11 hemişelik mugt bolar

  • 18.01.2025 23:54
  • 4.1k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamyna geçmegiň hemişelik mugt boljakdygyny mälim etdi diýip, Windows Latest neşiri habar berýär.

Neşiriň žurnalistleriniň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň başynda kompaniýanyň blogynda Windows 10 ulanyjylarynyň çäklendirilen wagt içinde Windows 11-e mugt geçip biljekdigi barada maglumat çap edilipdir. Soňra bu ýazgy pozulypdyr, kompaniýa bolsa bu ýagdaý barada düşündiriş beripdir.
Windows Latest üçin edilen beýanatda IT ägirdiniň wekilleri makalada ýalňyşlygyň bardygyny bellediler. “Windows 11-e mugt täzelemek wagt bilen çäklendirilen teklip däldir” diýip, korporasiýa belläp geçdi. Şeýlelikde, Microsoft, köne operasion ulgamlaryň ulanyjylarynyň islendik wagt çäklendirilmezden Windows 11-e mugt geçip biljekdigini boýun aldy.
Ýatlatsak, Microsoft korporasiýasy güýzde Windows 10 üçin Office programmalarynyň goldawyny bes etjekdigini mälim edipdi. Bu goldaw 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...