Microsoft 14-nji oktýabrdan "Windows 10-da" Office-iň goldawyny bes eder. Bu nämäni aňladýar?

  • 17.01.2025 12:17
  • 2.2k+

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan başlap Windows 10 gurlan kompýuterlerde Microsoft Office programmalaryny goldamagy bes etjekdigini mälim etdi. Bu diýildigi, şol seneden soň ulanyjylaryň Word, Excel, Outlook, Microsoft 365, Microsoft Defender we OneDrive üçin täzelenmeleri almajakdygyny aňladýar diýip, The Verge takyklaýar.

Agzalan seneden soň, Office programmalary işlemegini dowam etdirer, ýöne wagtyň geçmegi bilen bu öndürijilikde we howpsuzlykda meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler, sebäbi kompaniýa gowşak goralan ýerler üçin düzedişleri goýbermez.
Microsoft Windows 10-nyň ulanyjylaryna doly goldawly Microsoft 365 programmalaryny ulanmagy dowam etdirmek üçin Windows 11-e geçmegi maslahat berýär. Kompaniýa 2025-nji ýyly "Windows 11-de PC-nyň täzeleniş ýyly" diýip atlandyryp, operasiýa ulgamyny täzelemegiň möhümdigini nygtaýar.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10-yň esasy goldawy hem tamamlanar. Windows 11-e geçip bilmeýän ýa-da geçmek islemeýän ulanyjylar Windows 10 üçin tölegli howpsuzlyk täzelenmelerini ýylyna 30 $-dan abuna ýazylyp alyp bilerler. Bu programma käbir ýurtlarda elýeterli bolmasa-da, 2028-nji ýyla çenli işlär.
Windows 10 häzirki wagtda kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgamy bolmagynda galýar, ony ulanyjylaryň takmynan 65% -i ulanýar. Windows 11 ulanyjylaryň 30%-i tarapyndan gurnaldy. Köp ulanyjy ýokary enjamlary talap edýändigi sebäpli Windows 11-i täzeläp bilmeýär. Ýakynda Microsoft Windows 11-i kompýuterlere TRM 2.0 modulsyz gurnamaga mümkinçilik bermek bilen, bu talaplaryny gowşatdy.


düýn 16:15
4.3k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

11.01.2026 12:07
565

Microsoft Edge brauzeri «Copilot» stilindäki täze keşbe eýe boldy

Microsoft korporasiýasy Edge brauzeri üçin giň gerimli dizaýn täzelenmesini synagdan geçirip başlady. Bu täze keşp emeli aň kömekçisi bolan Copilot-yň wizual stilinde taýýarlanyp, ulanyjylara has "akylly" we döwrebap interfeýsi hödürleýär...

08.01.2026 14:50
1.8k+

Microsoft 2026-njy ýylyň Xbox Game Pass oýunlarynyň ilkinji tapgyryny mälim etdi

Microsoft kompaniýasy şu ýyl Xbox Game Pass kitaphanasyna giriziljek ilkinji uly täzelenmäni resmi taýdan yglan etdi. Abonentler dürli žanrlardaky oýunlara — AAA blokbasterlerden we horrorlardan başlap, garaşsyz (indie) studiýalaryň täze taslamalaryna hem-de nusgawy oýunlaryň täzeden neşir edilen görnüşlerine (remaster) elýeterlilik alarlar...

27.12.2025 20:47
2.6k+

Microsoft dilini üýtgeder: programma kody C we C++-dan Rust-a geçiriler

Microsoft öz esasy önümleriniň koduny 2030-njy ýyla çenli C we C++-dan Rust-a geçirmek meýilnamalary barada aýtdy. Bu işiň esasy bölegini inženerleriň goldamagynda ýöriteleşdirilen emeli aň agentleri ýerine ýetirer diýip, korporasiýanyň öňdebaryjy inženeri Galen Hant habar berdi...