Microsoft 14-nji oktýabrdan "Windows 10-da" Office-iň goldawyny bes eder. Bu nämäni aňladýar?

  • 17.01.2025 12:17
  • 2.2k+

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan başlap Windows 10 gurlan kompýuterlerde Microsoft Office programmalaryny goldamagy bes etjekdigini mälim etdi. Bu diýildigi, şol seneden soň ulanyjylaryň Word, Excel, Outlook, Microsoft 365, Microsoft Defender we OneDrive üçin täzelenmeleri almajakdygyny aňladýar diýip, The Verge takyklaýar.

Agzalan seneden soň, Office programmalary işlemegini dowam etdirer, ýöne wagtyň geçmegi bilen bu öndürijilikde we howpsuzlykda meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler, sebäbi kompaniýa gowşak goralan ýerler üçin düzedişleri goýbermez.
Microsoft Windows 10-nyň ulanyjylaryna doly goldawly Microsoft 365 programmalaryny ulanmagy dowam etdirmek üçin Windows 11-e geçmegi maslahat berýär. Kompaniýa 2025-nji ýyly "Windows 11-de PC-nyň täzeleniş ýyly" diýip atlandyryp, operasiýa ulgamyny täzelemegiň möhümdigini nygtaýar.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10-yň esasy goldawy hem tamamlanar. Windows 11-e geçip bilmeýän ýa-da geçmek islemeýän ulanyjylar Windows 10 üçin tölegli howpsuzlyk täzelenmelerini ýylyna 30 $-dan abuna ýazylyp alyp bilerler. Bu programma käbir ýurtlarda elýeterli bolmasa-da, 2028-nji ýyla çenli işlär.
Windows 10 häzirki wagtda kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgamy bolmagynda galýar, ony ulanyjylaryň takmynan 65% -i ulanýar. Windows 11 ulanyjylaryň 30%-i tarapyndan gurnaldy. Köp ulanyjy ýokary enjamlary talap edýändigi sebäpli Windows 11-i täzeläp bilmeýär. Ýakynda Microsoft Windows 11-i kompýuterlere TRM 2.0 modulsyz gurnamaga mümkinçilik bermek bilen, bu talaplaryny gowşatdy.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...