Google YouTube wideolary we PDF resminamalary üçin “Gemini” AI tehnologiýasyny hödürleýär

  • 18.01.2025 13:15
  • 2.3k+

Google kompaniýasy “Gemini” dil modeliniň täze funksiýasyny hödürleýär. Bu funksiýa ulanyjylara YouTube wideolary we PDF resminamalary bilen şol bir wagtda işlemäge mümkinçilik berer diýip, Android Authority habar berýär.

“Talk Live about video” atly funksiýa arkaly ulanyjylar görýän wideolaryndaky gyzyklanýan we düşünmeýän ýerleri boýunça emeli aň bilen sorag-jogap alşyp bilerler. Munuň özi mazmuna has gowy düşünmäge, goşmaça maglumat almaga ýa-da çylşyrymly zatlary çözmäge ýardam berer.
Şeýle mümkinçilik PDF resminamalary üçin hem peýda bolar. “Talk Live about PDF” atly funksiýa talyplar we barlagçylar üçin peýdalydyr. Ol maglumaty elýeterli we interaktiw formatda hödürleýär.
Gemini Google-yň emeli aň (AI) programmalaryny ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir. 2025-nji ýylda Gemini Google TV enjamlarynda Google Assistentiň ýerine geçer. Şeýle-de ol “akylly öý” ulgamlaryny dolandyrmak üçin synagdan geçirilýär.
Gemini sesli soraglara jogap bermek ukyby bilen tapawutlanýar. Bu bolsa Google önümlerini ulanmagy has amatly we maglumata elýeterli edýär.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....