Kanadaly adamyň öýüniň öňüne meteorit gaçdy. Bu hadysa ilkinji gezek kamera düşdi

  • 17.01.2025 12:10
  • 16k+

Kanadanyň Marşfild şäherinden Jo Welaýdum öýüniň kamerasy bilen ýere gaçan meteoridi ýazga aldy. Meteorit, onuň öýüniň öňündäki ýola (garažyň girelgesine) gaçdy diýip, CBC habar berýär.

Kosmosdan gelen bu jisim soňra “Şarlottaun meteoridi” diýlip atlandyryldy. Ol, takmynan, sagatda 200 kilometr tizlik bilen ýere gaçdy. Jo Welaýdum hadysadan birnäçe minut öň şol ýerde öz itleri bilen durandygyny aýtdy.
Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek adaty kamera arkaly meteoridiň ýere gaçýan pursady, sesi bilen bilelikde ýazga alyndy.

“Bu öň eşiden zatlarymyza meňzänok. Ylmy taýdan bu düýbünden täze bir zat – hakykatdan hem haýran galdyryjy. Her gezek şeýle waka bolanda, kosmosdan täze bir nusga gelýär” diýip, Alberta uniwersitetiniň meteoritler ýygnanşygynyň kuratory Kris Herd aýtdy.

Onuň sözlerine görä, meteorit Mars bilen Ýupiteriň aralygyndaky asteroid guşaklygyndan gelip, uzak ýol geçipdir.
Alymlar meteoritden takmynan 95 gramlyk bölekleri topladylar. Hünärmenler şol bölekleriň ilkinji seljermesini geçirip, onuň hondritdigini – kosmiki daşlaryň iň köp duş gelýän, däne gurluşlydygyny tassykladylar.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...