Donald Tramp öz kriptowalýutasyny çykardy

  • 18.01.2025 23:30
  • 20k+

Donald Tramp TRUMP atly öz kriptowalýutasyny çykarandygyny mälim etdi. Syýasatçy bu baradaky habary özüniň Truth Social sosial torunda paýlaşdy.

TRUMP tokeni çaklanylyşy ýaly ünsi tiz özüne çekdi. Tanyşdyrylanyndan bary-ýogy birnäçe sagatdan soň, kriptowalýutanyň bahasy 11 647% ýokarlandy diýip, Economic Times ýazýar.
Taslamanyň kapitallaşdyrylyşy 3 sagatdan gysga wagtda 8 milliard dollara, iň ýokary derejesinde bolsa 13 milliard dollara baryp ýetdi.
Habar çap edilenden soň, Trampyň hasabynyň hakykylygyna şübheler ýüze çykdy, emma ol haker hüjüminiň bolmandygyny aýtdy. Şeýle-de kriptowalýutany işe girizmek, Trampyň sanly aktiwleriň senagatyna we bitkoine ünsi jemlemek baradaky saýlaw kampaniýasynyň wadalaryna laýyk gelýär.
Kriptowalýutanyň umumy mukdary 1 milliard bolsa-da, 200 million token bazara çykaryldy. Olaryň 80%-i The Trump Organization bilen baglanyşykly CIC Digital LLC we diňe birnäçe gün öň hasaba alnan Fight Fight Fight LLC kompaniýalaryna degişlidir.
Habaryň ýazylan wagty bir tokeniň bahasy 24 dollara deňdir.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......