Paint-de obýektleri we fonlary aýyrmak funksiýasy Windows 11-iň hemme ulanyjylary üçin açyldy

  • 18.01.2025 17:44
  • 3.6k+

Microsoft Windows 11 üçin Paint grafiki redaktoryny täzeledi we emeli aň (AI) bilen işleýän, obýekt we fon aýyrýan täze funksiýalary goşdy diýip, TechSpot habar berýär.

Ozal bu gurallaryň ikisi hem Qualcomm Snapdragon X çipleri ýa-da häzirki Intel Core Ultra 200 we AMD Ryzen AI 300 prosessorlary bolan kompýuterlerde bardy, sebäbi aýratynlyklar AI bilen işleýär. Indi täze funksiýalar Windows 11-li köne kompýuterlerde-de işleýär.
"Generatiw aýyrmak" suratdaky gerekmejek zatlary el bilen saýlamaga we aýyrmaga mümkinçilik berýär. Programma şekile görä sazlaşdyryp, boş ýeri awtomatiki doldurýar.
“Fonuny aýyrmak” dury fonly şekilleri döretmegi aňsatlaşdyrýar. Funksiýa öňdäki hatardaky obýekti saýlap, fony arassalaýar we faýly PNG görnüşinde ýatda saklaýar.


Microsoft funksiýalaryň köne enjamlarda birneme haýal işleýändigini we çylşyrymly suratlary gaýtadan işlemegiň artefaktlara sebäp bolup biljekdigini belleýär. Mysal üçin, Snapdragon X-li kompýuterinde obýektleri aýyrmak derrew ýerine ýetýär, beýleki enjamlarda bolsa bu 30 sekunt wagt alyp biler.
Paint-iň täze funksiýalaryny ulanmak üçin Windows 11-i 23H2 wersiýasyny  çenli täzelemeli.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....