Mahaçew birinji raundda demikdiriji emel bilen Moýkanony ýeňdi

  • 19.01.2025 12:04
  • 19k+

Los-Anjelesde (ABŞ) UFC 311 ýaryşynyň esasy söweşinde guramanyň ýeňil agramda (70 kg çenli) çempionlyk guşagynyň eýesi russiýaly Islam Mahaçew sanawyň onunjy belgisinde ýerleşýän braziliýaly Renato Moýkano bilen duşuşdy.

Söweşiň birinji raundynda Mahaçew üstünlikli teýkdaun edip, demikdiriji emel ulanmagy başardy. Netijede Moýkano ýeňlendigini boýun aldy.
Tutluşyk 3 minut 31 sekunt dowam etdi.
Ýatlap geçsek, ilkibaşda Mahaçew bu söweşde Arman Sarukýan bilen duşuşmalydy, ýöne onuň garşydaşy şikes sebäpli söweşden çekildi. Sarukýana derek Moýkano çykdy.
Mahaçew agram derejesine garamazdan (P4P) UFC-niň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Ol ýeňil agramda UFC-niň çempion titulyny 2022-nji ýylyň oktýabrynda braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňip gazandy. Şondan soň awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski we amerikaly Dastin Porýe bilen söweşlerde üç gezek guşagyny gorady.
Şeýlelikde, Mahaçew dördünji titul söweşinde ýeňiş gazandy we bu görkeziji boýunça ýeňil diwizionda UFC-niň rekordyny täzeledi. Ol her birinde üç ýeňiş bolan Habib Nurmagomedowdan, Benson Hendersondan we Bi Jen Pennden öňe geçdi. Mahaçewiň 14 söweşden ybarat ýeňişli tapgyry hem UFC-de ýeňil agramly söweşijiler üçin rekorddyr. Guramanyň taryhynda iň dowamly ýeňiş tapgyry braziliýaly Anderson Silwa (16) degişli, ikinji orunda nigeriýaly Kamaru Usman ýerleşýär (15).
Indi 33 ýaşly Mahaçewiň hasabynda MMA-da bir ýeňliş bilen 27 ýeňiş bar. 35 ýaşly Moýkanonyň hasabynda 20 ýeňiş, alty ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.


düýn 20:02
5.6k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.8k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......