Apple Watch awtoheläkçilige uçran adamy halas etdi

  • 18.01.2025 18:18
  • 17k+

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň 55 ýaşly ýaşaýjysy Brent Hill Apple Watch akylly sagadynyň heläkçiligi anyklamak funksiýasynyň kömegi bilen ölümden halas boldy. Ol rulda wagty huşuny ýitirip, ulagyny goňşusynyň howzuna tarap sürdi diýip, 9to5Mac neşiri habar berýär.

Waka geçen ýylyň 16-njy dekabrynda bolup geçdi. Hill birden özüni erbet duýandygyny we huşuny ýitirendigini aýtdy. Wideoda ulagyň ýokary tizlik bilen garažy döwüp, howza agdarylandygy görünýär. Hill özüne gelende, bir ses eşidendigini aýtdy. Ol muňa ilki gulagyna eşidilýändir öýdüpdir. Emma aslynda ol, Apple Watch akylly sagady arkaly çagyrylan tiz kömek gullugynyň sesi bolup çykypdyr.

“Men howsala düşdüm. Näme bolanyna düşünmän galdym. Maşynymyň köçede şeýle çalt tizlik bilen hereket edenini görenimde, haýran galyp seretdim” diýip, Hill gürrüň berýär.

Onuň bellemegine görä, sagat arkaly wagtynda tiz kömek gullugynyň operatorlary bilen habarlaşyp bilmedik bolsa, ol suwuň astynda ters duran ulagyndan çykmagy başarmazdy.
Bu waka häzirki zaman enjamlarynda howpsuzlyk funksiýalarynyň näderejede zerurdygyny görkezýär. Heläkçiligi anyklamak funksiýasy watchOS 9 ulgamynda işleýän Apple Watch Series 8 we ondan soňky modellerde, Apple Watch Ultra, Apple Watch SE 2 hem-de olardan soňky modellerde, şeýle hem iOS 16 we ondan soňky wersiýalarda işleýän iPhone 14 we ondan soňky modellerde elýeterlidir.
Ýatlatsak, akylly sagat mundan öň hem, açyk deňziň akymyna düşüp giden sýorferi halas edipdi.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...