Apple Watch Ultra açyk deňze akyp giden sýorferi halas etdi

  • 24.07.2024 15:14
  • 7.9k+

Awstraliýaly sýorfer Rik Şarman Apple Watch Ultra akylly sagadynyň gaýragoýulmasyz kömek funksiýasynyň kömegi bilen halas edildi. Bu waka Baýron-Beý şäheriniň kenarynda bolup geçdi. Ol ýerde 49 ýaşly sýorfer güýçli tolkunlara duçar bolup, ony suwuň akymy alyp gitdi diýip, ABC News habar berýär.

Şirman tejribeli ýüzüji hökmünde, suwuň akymyna garşy göreşmegiň güýç ýitirmekdigine düşünip, akyma görä gidipdir. Kenardan 1 km uzaklaşyp, birnäçe wagtlap suwuň aşagynda bolany üçin onuň damarlary çekip başlady.
Suwdan özbaşdak çykyp bilmejekdigine göz ýetirip, sagadyndaky gyssagly kömek funksiýasyny ulanyp, 000 belgisine jaň edipdir. Operator ondan, haýsy gullugyň gerekdigini sorapdyr.

“Şol wagt, güýçli tolkunlar sebäpli sagady ulanmak gaty kyn bolupdy. Ondaky aýdylýan zatlary eşitmek üçin ony gulagyma ýakyn tutmaly boldum" - diýip, ol aýdýar.

Şirmana ýerleşýän ýerini düşündirmek başardypdyr. Sýorfer suwdan çykaryldy we halas ediş dikuçary bilen howpsuz ýere getirildi.
Şirman: "Eger sagadymda bu funksiýa bolmadyk bolsa, men eýýäm halkara suwlarynda ýüzüp ýörerdim". Halas ediş gullugynyň wekilleri hem, akylly sagadyň kömegi bolmazdan açyk deňizde sýorferiň gözlegi birnäçe gün dowam edip biljekdigini bellediler.


20.06.2025 22:51
5.1k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar...

13.01.2025 00:03
13k+

Apple Los-Anjelesde ýangyndan ejir çekenlere maliýe kömegini berer

Apple kompaniýasy Los-Anjelesdäki tokaý ýangynlaryndan ejir çekenlere maliýe kömegini berjekdigi barada mälim etdi. Şeýle-de, kompaniýa şäheri dikeltmäge kömek eder. Soňky maglumatlara görä, ýangyn azyndan 11 adamyň...

düýn 14:05
7.2k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......