Awtobanyň soňky bölegi bolan Mary – Türkmenabat ýoly açyldy

  • 10.04.2026 15:28
  • 16k+

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyryny açdy. Ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometre deň diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Ulanmaga berlen Mary – Türkmenabat bölegi awtobanyň jemleýji bölegi bolup, onuň gurluşygynyň tamamlanmagy ýükleriň we ýolagçylaryň gatnawyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýoluň ugrunda kafe, awtoýangyç beketleri, duralgalar, tehniki hyzmat ediş nokatlary we beýleki desgalar ýerleşdirildi. Şeýle hem ýoluň ugrunda haýwanlaryň ýola çykmagynyň öňüni alýan gorag torlary gurnaldy. Olaryň howpsuz geçmegi üçin ýörite ýerasty geçelgeler göz öňünde tutuldy.

Ýoluň hereketli böleginiň ini 34,5 metre deň bolup, awtoulaglar her tarapa üç zolak boýunça hereket edip biler.

Awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurduň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň üstaşyr mümkinçiliklerini berkitmek üçin möhüm ädim boldy. Taslama Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugruny döwrebap görnüşde täzeden dikeltmegiň çäklerinde durmuşa geçirildi.


şu gün 01:36
485

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.8k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....