«Barselona» – «Atletiko» oýnunyň baş emini işden çetleşdirildi

  • 10.04.2026 18:35
  • 14k+

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň «Barselona» we «Atletiko» toparlarynyň arasyndaky duşuşygynyň baş emini Iştwan Kowajy möwsümiň ahyryna çenli işden çetleşdirdi. Bu çözgüt katalon klubunyň Madridiň toparynyň 0:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan oýundaky eminler toparynyň we VAR ulgamynyň işine garşy beren resmi şikaýatyndan soň kabul edildi.

«Şu gün klubuň hukuk bölümi «Atletiko» bilen geçirilen Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji oýnunda bolup geçen wakalar bilen baglylykda UEFA-a resmi şikaýat bilen ýüz tutdy. Klub eminligiň hereket edýän düzgünlere garşy gelendigine, munuň bolsa oýnuň gidişine we netijesine gönüden-göni täsir edendigine ynanýar» ­– diýlip, «Barsanyň» beýanatynda aýdylýar.

Esasy närazylyk 54-nji minutda bolan anyk waka bilen baglydyr. Hasap 1:0 wagty «Atletikonyň» derwezebany Huan Musso topy derweze öňünden oýna girizip, ony goragçy Mark Pubile berdi. Ol bolsa ýagdaýa doly düşünmän, öz jerime meýdançasynyň içinde topy eline aldy. «Barselonanyň» oýunçylary derrew emine ýüzlenseler-de, emin bu düzgün bozulmasyna üns bermedi.

«Barselona» baş eminiň we wideo-kömekçileriň hereketsizligine ünsi çekip, derňew geçirmegi talap etdi. Klub eminleriň özara gürrüňleriniň ýazgylaryny talap etdi, şeýle hem goýberilen ýalňyşlyklaryň ykrar edilmegini isledi.

«“Barselona” Çempionlar ligasynyň soňky ýaryşlarynda düşnüksiz eminlik çözgütleriniň topara birinji gezek uly zyýan ýetirmegi däl diýip hasaplaýar. Bu ýagdaý aç-açan deňsizligi döredip, topary beýleki klublar bilen deň şertlerde bäsleşmek mümkinçiliginden mahrum etdi» – diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşygyň baş emini Iştwan Kowaç UEFA tarapyndan möwsümiň ahyryna çenli işden çetleşdirildi. Şol bir wagtyň özünde, emin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşjak FIFA-nyň eminleriniň sanawynda galýar.


10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

04.06.2026 23:46
6.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 23:02
4.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......