Apple Los-Anjelesde ýangyndan ejir çekenlere maliýe kömegini berer

  • 13.01.2025 00:03
  • 13k+

Apple kompaniýasy Los-Anjelesdäki tokaý ýangynlaryndan ejir çekenlere maliýe kömegini berjekdigi barada mälim etdi. Şeýle-de, kompaniýa şäheri dikeltmäge kömek eder.

Soňky maglumatlara görä, ýangyn azyndan 11 adamyň pida bolmagyna getirdi we tas 10 müň binany ýok etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär.
Ýangynyň iň uly merkezi şäheriň iň gymmat we abraýly sebitleriniň biri bolan Pasifik-Paliseýdsde ýerleşýär. 100 000-den gowrak adam ewakuasiýa iberildi.
Apple-iň baş müdiri Tim Kuk ejir çekenlere gynanç bildirdi.

“Los-Anjelesde ýangyn sebäpli bolup geçen zatlar – bu elhenç betbagtçylyk. Biz adatdan daşary ýangyn söndürijilere, halasgärlere we bu kyn pursatda kömek edýänleriň ählisine minnetdarlyk bildirmek isleýäris. Siziň gahrymançylykly zähmetiňiz uly minnetdarlyga mynasyp” – diýip, Tim Kuk X sosial ulgamynda ýazdy.

 Kömek pulunyň takyk mukdary we kabul ediji barada maglumat berilmeýär. Apple mundan öň hem tebigy betbagtçylyklardan soň dikeldiş bilen meşgullanýan guramalary artykmaç gürrüň ýaýratmazdan goldaýardy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Apple harasatyň netijelerini ýok etmekde Amerikan Gyzyl Haç guramasyna kömek berdi. 


20.06.2026 14:57
6.6k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....