Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

  • 14.04.2026 20:32
  • 13k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinden başlap, Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça täze şäherara awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny habar berýär.

Bu gatnawlar täze açylan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly arkaly amala aşyrylyp, ýolagçylaryň barmaly ýerlerine gysga wagtda we oňaýly ýetmeklerini üpjün eder.

Awtobuslar her gün sagat 08:00-da Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolundaky «Awtokombinat» nokadyndan we Türkmenabat şäheriniň halkara awtomenzilinden ugraýar. Ýolagçylar petekleri kassalardan ýa-da sanly ulgam arkaly onlaýn görnüşinde satyn alyp biler.

Gatnawlar baradaky goşmaça maglumatlar üçin +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20 telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz.


20.06.2026 19:55
10k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
5.9k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

11.06.2026 07:37
5.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....