16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

  • 20.06.2025 22:51
  • 4.3k+

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar.

Ýylyň başynda başlanan derňew syzmanyň ulanyjylaryň gajetlerinden maglumatlary gizlin ogurlaýan birnäçe programmanyň – infostilerleriň işi sebäpli bolup geçendigini görkezdi.
Derňewçiler ogurlanan maglumatlar bilen 30 maglumat bazasyny tapdy, olaryň her birinde onlarça milliondan 3,5 milliarda çenli ýazgy (login + parol) saklanýar. Bu bazalar sosial ulgamlardan, VPN hyzmatlaryndan, işläp düzüjiler üçin portallardan we uly IT kompaniýalaryň akkauntlaryndan loginleri we parollary öz içine alýar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, alnan maglumatlar ähli möhüm serwislere – Apple-den, Facebook-dan we Google-dan başlap, GitHub, Telegram-a çenli sosial ulgamlara, iş saýtlaryna we hatda döwlet portallaryna elýeterlilik berýär.

“Bu köne bazalaryň gaýtadan ulanylmagy däl. Bu senagat derejesinde hüjümler üçin amatly bolan täze we howply maglumatlar” – diýip, derňewçiler belledi.

Hünärmenler ulanyjylara parollaryny üýtgetmegi, parollar menejerini ulanmagy we mümkin bolan ýerinde Passkeys açarlaryna geçmegi maslahat berýär. Maglumatlaryň darknete düşendigine ýa-da ýokdugyna gözegçilik edýän serwislerden hem peýdalanmak bolar.
Kompaniýalara nol ynam (Zero Trust) diýlip atlandyrylýan howpsuzlyk modellerini girizmek maslahat berilýär.


13.01.2025 00:03
13k+

Apple Los-Anjelesde ýangyndan ejir çekenlere maliýe kömegini berer

Apple kompaniýasy Los-Anjelesdäki tokaý ýangynlaryndan ejir çekenlere maliýe kömegini berjekdigi barada mälim etdi. Şeýle-de, kompaniýa şäheri dikeltmäge kömek eder. Soňky maglumatlara görä, ýangyn azyndan 11 adamyň...

24.07.2024 15:14
7.7k+

Apple Watch Ultra açyk deňze akyp giden sýorferi halas etdi

Awstraliýaly sýorfer Rik Şarman Apple Watch Ultra akylly sagadynyň gaýragoýulmasyz kömek funksiýasynyň kömegi bilen halas edildi. Bu waka Baýron-Beý şäheriniň kenarynda bolup geçdi. Ol ýerde 49 ýaşly sýorfer güýçli...

12.12.2021 15:45
9.1k+

Google öýünden işleýän işgärlerine $1600 tölär

Google kompaniýasy koronawirusyň täze omikron ştammynyň döremegi sebäpli öýünden işlemäge mejbur bolýan dünýädäki işgärlerine 1600 dollardan tölär. Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, bu tejribe geçýänlere-de degişli...

19.06.2025 09:56
7.9k+

Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy

Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi...