Cloudflare ýene hatardan çykdy – hatda Downdetector işlemedi

  • 06.12.2025 09:48
  • 2.1k+

Dünýäde köp sanly internet serwisleriniň işini üpjün edýän Cloudflare kompaniýasynyň işinde uly bökdençlik ýüze çykdy. Bu hem onlarça saýtlaryň we programmalaryň işine zyýan ýetirdi diýip, The Economic Times habar berýär.

Bu soňky iki hepdede Cloudflare-iň infrastrukturasynda eýýäm ikinji uly näsazlyk boldy. Mesele diňe bir ýurt ýa-da sebit bilen çäklenmedi. Bökdençlikler şeýle giň ýaýrandy welin, ulanyjylar hiç ýere arz edip bilmedi – näsazlyk, adatça, şeýle meseleleri görkezýän Downdetector saýtynyň işini-de täsir etdi. Köp adamlar näsazlyk barada X-de habar bermekçi boldy, ýöne ol hem kynlyk bilen işleýärdi.
Şeýle-de, näsazlyklar LinkedIn we Discord ýaly meşhur serwislere-de zyýan ýetirdi – olarda ulanyjylar lentalary ýüklemekde we serwerlere birikmekde kynçylyk çekdi. Ulanyjylaryň köpüsi üçin Canva we Notion hem elýeterli bolmady. ChatGPT we Perplexity ýaly emeli aň gurallary jogap bermek mümkinçiligini ýitirdi. Spotify-a we Letterboxd-a girmekde, şeýle-de Upbit we Coinbase birža saýtlarynda hem bökdençlikler hasaba alyndy. Habar berilmegine görä, SpaceX-iň käbir hyzmatlary hem elýeterli bolmady.
Cloudflare kompaniýasy Dashboard-a we onuň bilen baglanyşykly API-lere täsir eden bökdençligiň sebäbini öwrenýändigini aýtdy. Internetde şeýle näsazlyklaryň tehniki hyzmatyň dowamynda ýol berlen ýalňyşlygyň netijesinde ýüze çykandygy barada maglumat peýda boldy. Ýagdaý durnukly sazlamalary dikeltmek arkaly dessin düzedildi.  
Noýabrdaky öňki näsazlyklar hatda Donald Trampa degişli bolan Truth Social sosial ulgamynyň infrastrukturasynyň işlemezligine getiripdi. Umuman alanyňda, Cloudflare-iň işindäki bökdençliklerden diňe bir käbir ulanyjylar däl, eýsem işi prowaýderiň infrastrukturasyna bagly bolan kompaniýalar hem zyýan çekdi. 


29.08.2025 19:55
4.8k+

Gmail haker hüjümine sezewar boldy. Google 2,5 mlrd ulanyjyny paroly üýtgetmäge çagyrdy

Google kompaniýasy 2,5 mlrd Gmail ulanyjysyny ShinyHunters topary tarapyndan geçirilen haker hüjüminden soň paroly üýtgetmäge çagyrdy. Kompaniýa akkauntlarda şübheli hereketleri ünsli yzarlamagyň we iki şertli tassyklaýyş ýaly goşmaça gorag çärelerini ulanmagyň möhümdigini belledi diýip, New York Post habar berýär...

20.06.2025 22:51
5.1k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar...

24.03.2026 22:14
11k+

BAE-de birnäçe günläp ýagjak güýçli çabga hakda duýduryş berildi

BAE-niň meteorologlary howanyň durnuksyz boljakdygy barada duýduryş berdiler. Milli Meteorologiýa Merkeziniň (NCM) maglumatlaryna görä, 27-nji marta çenli güýçli ýagyşlar tapgyr-tapgyr dowam eder durar. Çabgalar duşenbe güni, 23-nji martda başlady...

24.03.2026 07:08
3.6k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...