Gmail haker hüjümine sezewar boldy. Google 2,5 mlrd ulanyjyny paroly üýtgetmäge çagyrdy

  • 29.08.2025 19:55
  • 4.6k+

Google kompaniýasy 2,5 mlrd Gmail ulanyjysyny ShinyHunters topary tarapyndan geçirilen haker hüjüminden soň paroly üýtgetmäge çagyrdy. Kompaniýa akkauntlarda şübheli hereketleri ünsli yzarlamagyň we iki şertli tassyklaýyş ýaly goşmaça gorag çärelerini ulanmagyň möhümdigini belledi diýip, New York Post habar berýär.

Google howpsuzlyk düzgünleri barada ýatlatdy: hakerler logini we paroly girizmek haýyşy bilen galp sahypalara salgylanmalar bilen hat ibermek ýa-da ulanyjylary iki şertli gorag kodlaryny aýtmaga ynandyrmak arkaly akkaunt maglumatlaryna elýeterli bolup biler.
Howpsuzlyga üns ýaňy-ýakynda bolup geçen waka bilen baglanyşykly: Google iýun aýynda Salesforce maglumatlar bazasynyň hakerler tarapyndan döwlendigini habar berdi. Hakerler özüni goldaw gullugynyň işgärleri hökmünde görkezdi, işçiler hem muňa ynandy. Netijede, umumy elýeterli maglumatlar, mysal üçin, kiçi we orta kärhanalaryň aragatnaşyk maglumatlary zyýan çekdi. Bilermenler şeýle usullaryň has uly hüjümlerde hem ulanylyp bilinjekdigini duýdurýar.
ShinyHunters topary 2020-nji ýyldan bäri hereket edýär we ozal AT&T, Microsoft, Santander we Ticketmaster ýaly kompaniýalaryň maglumatlarynyň syzmagyna gatnaşdy. Hakerler ogurlanan maglumatlary ýörite bir saýtda ýerleşdirip, hüjümiň pidalaryna basyş edýär. 
Soňky wakalaryň täsir edip bilen ähli ulanyjylary 8-nji awgustda elektron poçta arkaly habarnama aldy.


20.06.2025 22:51
4.9k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar...

12.12.2021 15:45
9.2k+

Google öýünden işleýän işgärlerine $1600 tölär

Google kompaniýasy koronawirusyň täze omikron ştammynyň döremegi sebäpli öýünden işlemäge mejbur bolýan dünýädäki işgärlerine 1600 dollardan tölär. Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, bu tejribe geçýänlere-de degişli...

24.10.2025 16:48
6.6k+

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar peýda boldy

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar ýüze çykaryldy. Häzire çenli ýurt dünýäde olardan azat bolan iki ýeriň biri hasaplanýardy – indi ýeke-täk şeýle ýer Antarktida bolup galdy. Ilkinji çybynlar Reýkýawikden günorta-günbatarda Kýos buzluk jülgesinde göründi...

24.10.2025 16:46
4.4k+

Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi

Täze Zelandiýada üç fotosuratçy seýrek tebigy hadysany – “gyzyl spraýt” ýyldyrymyny surata düşürdi. Gyrmyzy reňkli öwüşginler adanyň asmanynda 11-nji oktýabrda peýda boldy diýip, The Guardian habar berýär. Fotosuratçy Tom Reý ispaniýaly kärdeşleri Dan Zafra we Hose Kantabrana bilen bilelikde Omaramanyň toýun gaýalarynyň üstünde Akmaýanyň ýoluny surata düşürmegi meýilleşdiripdi...