Google öýünden işleýän işgärlerine $1600 tölär

  • 12.12.2021 15:45
  • 9.4k+

Google kompaniýasy koronawirusyň täze omikron ştammynyň döremegi sebäpli öýünden işlemäge mejbur bolýan dünýädäki işgärlerine 1600 dollardan tölär. Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, bu tejribe geçýänlere-de degişli bolar. Bu barada Day.Az habar berýär.

Kompaniýanyň wekili bu mukdaryň koronawirus pandemiýasy döwründe işgärlere goldaw bermek üçin niýetlenendigini we öýden işleýändigi üçin berilýän pullara we bonuslara goşmaça boljakdygyny belledi. Kompaniýanyň bu maksatlar üçin näçe pul bölüp berjekdigi habar berilmeýär.

Dekabr aýynda Google COVID-19-yň omikron ştammynyň döremegi sebäpli işgärleriniň ofislere çykmagyny ýene-de yza süýşürmek kararyna geldi. Munuň ýene bir sebäbi käbir işgärleriň sanjym almagy islemezligi boldy. Mundan öň Google 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan işgärleri ofislere gaýtarmagy meýilleşdiripdi. 

Koronawirusyň omikron ştammy bilen kesellemegiň esasy alamatlary gowşaklyk, temperatura, kellagyry, üsgülewük we işdäniň bolmazlygydyr. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy omikronyň beýleki ştammlary gysyp çykaryp biljekdigini we ýakyn wagtda Ýewropadaky hassalaryň ýarysynyň hut şu görnüş bilen kesellejekdigini inkär etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, guramanyň hünärmenleri täze ştamm bilen kesellänler COVID-19-y has ýeňil geçirýärler diýen netijä geldiler. 


29.08.2025 19:55
4.8k+

Gmail haker hüjümine sezewar boldy. Google 2,5 mlrd ulanyjyny paroly üýtgetmäge çagyrdy

Google kompaniýasy 2,5 mlrd Gmail ulanyjysyny ShinyHunters topary tarapyndan geçirilen haker hüjüminden soň paroly üýtgetmäge çagyrdy. Kompaniýa akkauntlarda şübheli hereketleri ünsli yzarlamagyň we iki şertli tassyklaýyş ýaly goşmaça gorag çärelerini ulanmagyň möhümdigini belledi diýip, New York Post habar berýär...

20.06.2025 22:51
5k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar...

düýn 14:06
10k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

07.03.2026 20:33
6.4k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...