Copilot emeli aň funksiýasy indi Microsoft 365-e girizildi, ýöne ýazylyşygyň bahasy ýokarlandy

  • 20.01.2025 00:59
  • 906

Microsoft korporasiýasy Copilot emeli aň funksiýasynyň ofis programmalary üçin Microsoft 365 Personal we Home ýazylyşyklaryna girizilendigini mälim etdi. Şol sebäpli täze nyrhlar aýda $3 gymmat bolar diýip, The Verge habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, häzirki ulanyjylar ýazylyşygyň möhleti tamamlanýança, hyzmatlary öňki nyrhlar boýunça ulanmagy dowam etdirip biler. Şeýle-de, emeli aň funksiýalaryndan ýüz öwrüp, öňki nyrhnamada galyp biler.
Öň, Word, Excel we PowerPoint üçin Copilot emeli aň kömekçisi aýda $20 bilen aýratyn ýazylyşyk boýunça elýeterlidi. Indi bolsa emeli aň gurallary esasy ofis bukjalaryna giriziler.

“Biz ulanyjylaryň Microsoft 365-de emeli aň üçin tölemäge taýýardygyny bilýäris we biziň maksadymyz munuň gymmatyny mümkin boldugyndan has köp adama ýetirmek” – diýip, Copilot Pro we Microsoft 365 marketingi boýunça uly müdir Garet Oýstrik belledi.

Täze funksiýalar bütin dünýäde diýen ýaly ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Microsoft emeli aň-karzlary ulgamyny-da işe girizip, olary Word, Excel we beýleki programmalarda ulanmaga mümkinçilik berýär. Copilot Pro ýazylanlar ähli mümkinçiliklere çäksiz elýeterlilik alar.
Kompaniýa emeli aňy ulanmak islemeýänler üçin Copilot-y öçürmek mümkinçiligini-de göz öňünde tutdy. Öňki bahany saklamak üçin emeli aň bilen täzelenmeleri öz içine almaýan Personal Classic we Family Classic hödürlendi.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....