UFC 311: Irži Prohazka Jamal Hillden üstün çykdy, Umar Nurmagomedow ilkinji gezek ýeňildi

  • 19.01.2025 13:46
  • 25k+

Los-Anjelesde geçirilen UFC 311 ýaryşynyň çäklerinde ýarym agyr agramda çykyş edýän çehiýaly söweşiji Irži Prohazka amerikaly Jamal Hille garşy söweşdi.

Söweşde Prohazka nokaut arkaly ynamly ýeňiş gazandy. UFC-niň ýarym agyr agramda öňki çempionlarynyň arasyndaky söweş üçünji raundda tamamlandy.
Irži Prohazka üçin bu ýeňiş karýerasynda 31-nji boldy, şolardan 27-sini nokaut arkaly gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda bäş ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. Jamal Hill karýerasynda üçünji we yzygider ikinji ýeňlişine sezewar boldy.


Şeýle-de, garyşyk başa-baş söweş boýunça ýaryşyň çäklerinde MMA-nyň russiýaly söweşijisi Umar Nurmagomedow professional karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Indi Nurmagomedowyň rekordy – 18:1.
Söweşiji gruziýaly Merab Dwalişwili bilen iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony tituly ugrundaky söweşde ýeňildi. Söweş bäş raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Dwalişwiliniň ýeňiş gazanmagy arkaly tamamlandy. 


düýn 18:18
2.5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......