«Jeýms Uebb» kosmos teleskopy Uly Magellan Buludynda täze uly ýyldyz toplumyny ýüze çykardy

  • 20.01.2025 13:14
  • 3.2k+

«Jeýms Uebb» kosmos teleskopy (JWST) we ALMA radioteleskop toplumy bilen geçirilen gözlegleriň netijesinde, Uly Magellan Buludynda täze uly ýyldyz toplumy ýüze çykaryldy. Bu açyş alymlara ýaş älemde ýyldyzlaryň nädip emele gelendigini öwrenmäge uly mümkinçilik berýär diýip, Universe Space Tech neşiri ýazýar.

6-7 milliard ýyl mundan ozal, älemde ýyldyzlaryň döremegi üçin esasy usul, uly ýyldyz toplumlarynyň emele gelmegi bolupdyr. Bu toplumlar köp sanly täze ýyldyzlaryň bir wagtda döremek prosesini üpjün edipdir. Şeýlelikde, her ýyl ýüzlerçe täze ýyldyz döräpdir. Emma soňky millionlarça ýylyň dowamynda ýyldyzlaryň bu usul bilen döremegi gaty azalyp, bu ýagdaýa indi örän seýrek duş gelinýär. Häzirki wagta çenli diňe üç sany uly ýyldyz toplumy bilinýärdi: olaryň ikisi Akmaýanyň ýolunda, biri bolsa Uly Magellan Buludynda ýerleşýär.


Indi bu sanawa ýene bir toplum goşuldy. “H72.97-69.39” ady berlen bu uly ýyldyz toplumy bary-ýogy 100 müň ýyl ýaşynda we dünýäden 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär.
JWST we ALMA bu toplumda 97 sany ýaş ýyldyzyň bardygyny ýüze çykardy. Uly ýyldyzlar merkezde, kiçi ýyldyzlar bolsa toplumyň çetinde ýerleşýär.
Uly Magellan Buludynda agyr elementleriň mukdary Gün ulgamy bilen deňeşdirilende iki esse azdyr. Bu ýagdaý täze ýüze çykarylan toplumdaky şertleriň, 6-7 milliard ýyl mundan ozal, älemde ýyldyzlaryň döremegi üçin hökmürowan bolan şertlere meňzeýändigini görkezýär. Bu ýyldyz toplumy, alymlara geçmişe nazar aýlamaga we ýaş älemde ýyldyzlaryň nädip emele gelendigini öwrenmäge uly mümkinçilik berýär.


düýn 11:18
870

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

düýn 10:34
1.6k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......