Singapurly alymlar gysga wagtda dargamaga ukyply “kagyz batareýa” döretdiler

  • 18.01.2025 15:40
  • 4.4k+

Singapuryň Flint kompaniýasy tebigata zyýansyz – alty hepdäniň dowamynda çüýräp ýitip bilýän täze kagyz batareýany işläp taýýarlady. Täze batareýa adaty litiý-ion batareýalaryna garanyňda 10 esse arzan we ekologiki taýdan has amatlydyr diýip, Interesting Engineering žurnaly habar berýär.

Bu batareýalar suwa esaslanýan elektrolitleri kagyza siňdirmek arkaly taýýarlanýar. Kagyz batareýanyň gurluşynda daşaýjy (substrat) material hökmünde ulanylýar. Şol sebäpli oňa “kagyz batareýa” diýilýär.
Bu batareýalaryň düzüminde tebigata zyýanly litiý, kobalt we nikel ýaly materiallaryň ýerine, sink we marganes ulanylýar. Täze batareýa ýeňil we çeýe bolup, ol dürli görnüşe eýe bolup bilýär. Şeýle hem ol alty hepdäniň içinde toprakda doly çüýräp, zyýansyz maddalara öwrülýär.
Kagyz batareýalar aşa yssy ýa-da sowuk şertlerde hem işleýär. Şeýle-de, kesilmek, epilmek ýa-da ýakylmak ýaly täsirlerden zeper çekmän, işlemegini dowam etdirýär. Bu bolsa ony adaty batareýalardan has ygtybarly edýär.
Batareýanyň kuwwaty bir enjam üçin ýeterlik bolup, senagat, elektronika we beýleki ugurlarda ulanyp bolýar. Kompaniýa Singapurda täze zawod açmagy we önümçiligi giňeltmegi meýilleşdirýär. Geljekde bu batareýalaryň dünýäniň ähli ýerlerinde ulanylmagyna garaşylýar.
Adaty batareýalar onlarça ýyl çüýremän galýarlar, kagyz batareýalar bolsa alty hepdäniň içinde doly ýitýär we yzynda hiç hili zyýanly madda galdyrmaýar. Bu bolsa daşky gurşawy goramak üçin uly tapawut döredýär.


düýn 10:31
5.5k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......