Aşgabatda fewral aýynda Owganystanyň önümleriniň ikinji sergisi geçiriler

  • 18.01.2025 10:48
  • 3.7k+

2025-nji ýylyň 23 — 27-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere görülýän taýýarlyk barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Aşgabatda owgan önümleriň ilkinji sergisi 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy martynda geçirildi. Sergide önüm öndürijiler birnäçe özara bähbitli şertnamalary baglaşyp bildiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......