Aşgabatdaky asma ýolda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Ol 2026-njy ýylda ulanmaga berler

  • 18.01.2025 09:33
  • 12k+

“Röwşen” hususy kärhanasy Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän asma ýoluň binalarynda we desgalarynda, ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna “Röwşen” HK bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berdi.
Düýpli abatlaýyş işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlap, desgany 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......